Apple çip ýetmezçiligi sebäpli iPhone 13 smartfonlarynyň önümçiligini azaldyp biler

  • 18.10.2021 19:07
  • 11k+

Apple kompaniýasy şu ýyl çip ýetmezçiligi sebäpli iPhone 13 smartfonlarynyň önümçiligini azaldyp biler. Bu barada Bloomberg agentligi habar berdi. Kompaniýa bu modeliň smartfonlarynyň 10 mln birlik az çykarylmagyna garaşýar diýip, agentligiň çeşmeleri aýdýar. Muny rbc.ru ýetirýär.

Olaryň aýtmagyna görä, Apple şu ýylyň soňky üç aýynda 90 mln täze iPhone modelini öndürmegi meýilleşdiripdi. Ýöne indi kompaniýa önümçilik hyzmatdaşlaryna umumy möçberiň az boljakdygyny, sebäbi ýarym geçirijileri öndürmek bilen meşgullanýan Broadcom we Texas Instruments (TI) kompaniýalarynyň bölekleri ýeterlik derejede üpjün edip bilmeýändigini habar berdi. 

Apple we TI kompaniýalarynyň wekilleri agentlige teswir bermekden saklandy. Broadcom hem Bloomberg-iň soragyna jogap bermedi.

Çip ýetmezçiligi bilen bagly mesele koronawirus pandemiýasyndan öň ýüze çykdy we soňra käbir zawodlaryň ýapylmagyna getiren koronawirusyň has howply hindi ştamynyň ýaýramagy ýaly birnäçe şertler sebäpli hasam çylşyrymlaşdy. 

Elektron bölekleriniň ýetmezçiliginden awtomobil senagaty hem kynçylyk çekýär. Boston Consulting Group kompaniýasynyň çaklamasy boýunça, ýarym geçirijileriň ýetmezçiligi sebäpli 2021-nji ýylda awtomobilleriň global önümçiliginiň 7 – 9 mln birlik azalmagy mümkin.


şu gün 01:39
450

Apple kompaniýasyna täze operasion direktor bellendi

Apple kompaniýasynyň ýolbaşçylygynda üýtgeşmeler boldy: operasion direktor (COO) wezipesine kompaniýada 30 ýyldan gowrak wagt bäri işläp gelýän Sabih Han bellenildi. Ol kompaniýadan gidýän Jeff Uilýamsyň ýerine geldi...

düýn 23:31
466

Meta Apple-yň emeli aň boýunça esasy hünärmenini özüne çekdi

Apple-yň emeli aň boýunça öňdebaryjy hünärmenlerinden biri bolan Ruoming Pang kompaniýany terk edip, Meta geçýär. Bloomberg agentliginiň habaryna görä, ol täze döredilen Superintelligence Labs laboratoriýasynda esasy wezipä bellener...

23.06.2025 13:46
4.1k+

Çeýe bolup bilmek: Apple eplenýän iPhone üçin displeýleri Samsung-dan alar

Apple 2026-njy ýylyň ahyryna çenli ilkinji eplenýän iPhone smartfonyny çykarmagy meýilleşdirýär. Smartfonlar üçin çeýe displeýler bilen üpjün ediji Samsung Display bolar diýip, analitik Ming-Çi Ko salgylanyp, CNBC habar berýär...

19.06.2025 11:17
2.8k+

Diňe Samsung I çärýekde smartfon önümçiligini ösdürip bildi

TrendForce analitikleri 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Samsung kompaniýasynyň 64 mln smartfon çykarandygyny habar berdi – bu 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 21% köpdür. Bu hem kompaniýa smartfon öndürijileriniň arasynda öňdebaryjy orny eýelemäge mümkinçilik berdi...