Apple täze enjamlaryň ýene bir güýzki görkezişini geçirer

Apple täze enjamlaryň ýene bir güýzki görkezişini geçirer

Sentýabr aýynyň ortalarynda täze iPhone 13-i, Apple Watch Series 7-ni, iPad mini-ni we býudjet iPad-yny tanyşdyran Apple ýene bir tanyşdyryş dabarasyny geçirjekdigini mälim etdi. Indi nobat täze Mac kompýuterleriniňki bolup biler diýip, ferra.ru habar berýär.

“Apple” tanyşdyryşyň geçiriljekdigi barada tizer wideosyny ýaýratdy. Ony 2021-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda, Aşgabat wagty bilen 22:00-da geçirmek meýilleşdirilýär. Kompaniýa bu çäräni "Arany açmak" diýip atlandyrdy. Bu bolsa çärede täze “Apple” prosessorynyň tanyşdyryljakdygy hakynda yşarat bolup biler.

Çärede kompaniýanyň täze MacBook-lary, täzelenen Mac Mini-ni we AirPods-yň üçünji neslini tanyşdyrmagyna garaşylýar.

Aýtmaklaryna görä, täze MacBook-lar M1X prosessory bilen işlär. Ol geçen ýylky M1-den has çalt bolar. Şeýle hem, “Apple”-iň söýgüli magnit güýçlendirijisini “MacBook”-a gaýtaryp berjekdigi barada maglumatlar bar. Mundan başga-da, täze Mac Mini-de hem M1X professorynyň bolmagyna garaşylýar.