Google Pixel 6 smartfony resmi taýdan 19-njy oktýabrda tanyşdyrylar

  • 10.10.2021 16:46
  • 6.5k+

Google täze smartfonlary “Pixel 6” bilen “Pixel 6 Pro”-nyň tanyşdyryljak senesini yglan etdi. Täze önümler 19-njy oktýabrda geçiriljek “Pixel Fall Launch” çäresinde görkeziler. Öňünden ýazgy edilen çäre Google-yň saýtynda Aşgabat wagty bilen sagat 22:00-da alnyp görkeziler. Bu barada mobidevices.ru habar berýär.

“Pixel Fall Launch” diňe “Pixel” smartfonlarynyň anons edilmegine bagyşlanan ilkinji çäre bolar. Ondan öň Google özüniň "piksellerini" başga-da birnäçe täze önümleri bilen bilelikde tanyşdyrýardy.

“Google Pixel 6” bilen “Pixel 6 Pro”-nyň täzelenme tizligi 120 Hz bolan “Google Tensor” çipine we OLED displeýlerine eýe boljakdygy aýdylýar. Mundan başga-da, täze önümler häzirki zaman dizaýnyna eýe bolar we 50 megapikselli Samsung GN1 esasy kamera datçigini alar. “Pixel 6 Pro”-da goşmaça 4x optiki ýakynlaşdyrma telefon linzasy hem bolar. Şeýle hem bular “Android 12” bilen çykarylan ilkinji smartfonlar bolarlar.


17.06.2026 07:37
3.1k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....

28.05.2026 18:53
1.1k+

Google Gemini üçin niýetlenen täze «Googlebook» noutbuk seriýasyny çykardy

Google kompaniýasy Gemini Intelligence we ChromeOS bilen işlemek üçin ýörite döredilen, premium derejeli «Googlebook» noutbuk seriýasyny tanyşdyrdy. Onuň ilkinji enjamlary 2026-njy ýylyň güýzünde satuwa çykar....

26.05.2026 19:15
1.6k+

Google iPhone-larda gurnalan gözlegi satyn alandygy barada kazyýet kararyna garşy şikaýat etdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kazyýetiniň «iPhone-larda» düýpden gurnalan gözleg ulgamy derejesi üçin «Apple-a» edilýän tölegleri bikanun diýip ykrar eden antimonopol kararyna garşy şikaýat berdi. Bu barada......

23.05.2026 11:13
2.6k+

Nintendo-nyň täze mobil goşundysy suratlary oýunlara öwürmäge mümkinçilik berer

Nintendo kompaniýasy iOS we Android ulanyjylaryna suratlary mini-oýunlara öwürmäge mümkinçilik berýän «Pictonico!» atly goşundysyny çykarar....