Edebiýat boýunça Nobel baýragyny Abdulrazak Gurna aldy

Edebiýat boýunça Nobel baýragyny Abdulrazak Gurna aldy

Tanzaniýaly ýazyjy Abdulrazak Gurna 2021-nji ýylda edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Şwesiýa akademiýasynyň Nobel komiteti habar berýär diýip, TASS belleýär.

Baýrak Gurna “kolonializmiň netijelerini we medeniýetleriň hem-de yklymlaryň girdabynda bosgunlaryň ykbalyny barlyşyksyz we duýgur görkezendigi üçin” berildi. 

Abdulrazak Gurna 1948-nji ýylda dünýä indi we Zanzibar adasynda önüp ösdi. 1960-njy ýyllaryň ahyrynda ol bosgun hökmünde Beýik Britaniýa geldi. Gurnanyň on sany romany çapdan çykdy. Olardan iň meşhurlary – “Jennet” (1994), “Deňziň ýanynda” (2001), “Gaçgaklyk” (2005), “Iň soňky sowgat” (2011), “Çagyl ýürek” (2017). 

Bosgun temasy onuň döredijiliginiň esasy ideýasyna öwrüldi. Nobel komitetiniň belleýşi ýaly, bosgunlaryň ykbalyny düşündirmekde ýazyjy meňzeşlige we öz-özüňe baha bermäge ünsi jemleýär. Gahrymanlar medeniýetler bilen yklymlaryň serhedinde, köne bilen täze durmuşyň arasynda bolýarlar. Tanzaniýaly ýazyjynyň işleri okyjyny Gündogar Afrikanyň medeni köpdürlüligi bilen tanyşdyrýar.