Himiýa boýunça Nobel baýragy asimmetrik organokataliz üçin berildi

  • 06.10.2021 19:39
  • 4.6k+
Himiýa boýunça Nobel baýragy asimmetrik organokataliz üçin berildi

2021-nji ýylda himiýa boýunça Nobel baýragy asimmetrik organokataliziň ösdürilendigi üçin Benýamin List bilen Dewid Makmillana berildi. Bu usul täze dermanlaryň taýýarlanmagyna uly täsir edip, himiýany ekologiýa taýdan arassa etdi. Bu barada Nobel komiteti öz saýtynda habar berýär diýip, TASS belleýär.

Dewid Makmillan britan-amerikaly himik, häzirki wagtda ol Prinston uniwersitetinde (ABŞ) işleýär. Benýamin List – germaniýaly himik, ol Maks Plank Jemgyýetiniň kömür gözlegleri institutynda işleýär. Olaryň ikisi-de, biri-birine garaşsyz, 2000-nji ýylda asimmetrik organiki kataliz usulyny işläp düzdüler.

Kataliz diýlip netijede alnan önüme täsir etmeýän maddalaryň kömegi bilen himiki reaksiýanyň tizlenmegine aýdylýar. Şeýle maddalara katalizator diýilýär. Organiki katalizde ugleroddan, wodoroddan, kükürtden, fosfordan we organiki birleşmelere mahsus bolan beýleki metal däl elementlerden ybarat katalizatorlar ulanylýar.  Şonuň netijesinde organiki kataliz beýleki görnüşlere garanyňda ekologiýa taýdan arassa we arzandyr.

Geçen ýyl baýragy CRISPR/Cas9 genomyny redaktirlemek usulyny öňe sürendikleri üçin Jennifer Dudna bilen Emmanuel Şarpantýe aldy.

Baýrak gowşurylyş dabarasy, geçen ýyl bolşy ýaly, onlaýn görnüşde geçiriler. Nobel medalyndan we diplomyndan başga-da, laureatlar 10 mln kron möçberinde pul baýragyny alarlar.


09.10.2024 19:03
4.3k+

2024-nji ýylda himiýa boýunça Nobel baýragy belok gurluşlarynyň öwrenilendigi üçin berildi

2024-nji ýylda himiýa boýunça Nobel baýragynyň eýeleri amerikaly Dewid Beýker hem-de britaniýalylar Demis Hassabis we Jon Jamper boldular. Şwesiýanyň Patyşalyk Ylymlar akademiýasynyň bu çözgüdini 9-njy oktýabrda...

09.10.2024 07:42
3k+

Fizika boýunça Nobel baýragy emeli aň ugrundaky ylmy gözlegler üçin berildi

Nobel komiteti 2024-nji ýylda fizika boýunça baýragyň eýesini yglan etdi. Laureatlar amerikaly alym Jon Hopfild we britaniýa-kanadaly alym Jeffri Hinton boldy. Baýrak “emeli neýron ulgamlarynyň kömegi bilen maşyn...

04.10.2023 22:52
3.3k+

Himiýa boýunça Nobel baýragyny kwant nokatlaryny döredijiler aldy

Şwesiýanyň Patyşalyk ylymlar akademiýasy 2023-nji ýylyň himiýa boýunça Nobel baýragynyň eýelerini yglan etdi. Olar amerikalylar Mungi Bawendi we Luis Brýus hem-de russiýaly Alekseý Ýekimow boldy. Bu barada TASS...

03.10.2023 21:25
6k+

Fizika boýunça Nobel baýragy elektronlaryň we ýagtylygyň tebigatynyň öwrenilişi üçin berildi

2023-nji ýylyň fizika boýunça Nobel baýragy fransiýa-amerikaly Pýer Agostinä, wengriýa-awstriýaly alym Ferens Krausa we fransiýaly gözlegçi Ann L’Ýuile berildi. Bu barada Şwesiýanyň Patyşalyk ylymlar akademiýasy...