Berdimuhamedow Özbegistanda ýaşaýan türkmenler bilen duşuşdy

Berdimuhamedow Özbegistanda ýaşaýan türkmenler bilen duşuşdy

5-nji oktýabrda Daşkent şäherinde geçirilen ýokary derejeli türkmen-özbek gepleşiklerinden soňra, Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Özbegistana nobatdaky sapary mynasybetli resmi kabul edişlik dabarasy guraldy. Onuň dowamynda türkmen Lideri dostlukly ýurtda kowçum bolup ýaşaýan türkmenler bilen duşuşdy.  Bu barada president.uz saýty habar berdi.

Resmi kabul edişlik dabarasyna iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalary, döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, medeniýet-sungat ussatlary, şol sanda Özbegistanda kowçum bolup ýaşaýan türkmenler gatnaşdylar.

«Dabara gatnaşan Özbegistanda ýaşaýan türkmenler özbek döwletiniň ösüşine we doganlyk halklaryň arasyndaky köpasyrlyk dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýarlar, olaryň aglabasy ýokary döwlet sylaglaryna eýe boldular» diýip, habarda nygtalýar.

Dabaranyň dowamynda bilelikde ýadygärlik surata düşüldi, türkmen we özbek halklarynyň dostlugyny wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy.