Bahreýnli ýeňil atletikaçy täze dünýä rekordyny goýdy

  • 04.10.2021 13:42
  • 8.6k+

Bahreýnli ýeňil atletikaçy Kalkidan Gezan 10 km aralyga ylgamakda täze dünýä rekordyny goýdy. Bu barada Halkara ýeňil atletika federasiýalarynyň assosiasiýasynyň (World Athletics) metbugat gullugyna salgylanyp, Trend habar berýär.

Ýaryş Ženewada geçirildi. Türgen bu aralygy 29 minut 38 sekuntda geçdi. Mundan öňki rekord keniýaly Joýsilin Jepkosgei tarapyndan (29.43) goýlupdy.
Kalkidan Gezan 30 ýaşynda. Ol Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda 10 000 m aralyga ylgamakda kümüş medal gazandy.


11.02.2026 16:02
6.7k+

9 ýaşly polşaly oglanjyk Rubigiň kubigini 2 sekuntda ýygnady

2,766 sekunt — Polşanyň Gdansk şäherinde geçirilen Gdansk Speedcubing League ýaryşynda dokuz ýaşly Teodor Zaýdere Rubigiň kubigini tiz ýygnamak boýunça täze dünýä rekordyny goýmak üçin bary-ýogy şujagaz wagt gerek boldy...

10.02.2026 21:40
12k+

ABŞ-ly figuraçy Olimpiada-2026-da 50 ýyllap gadagan bolan saltony ýerine ýetirip, toparyna ýeňiş getirdi

Milandaky 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiada oýunlarynda 21 ýaşly amerikaly figuraçy typyjy Ilýa Malinin ýaryşyň çäklerinde ýarym asyrlap gadagan edilen yza tarap saltony ilkinji gezek kanuny esasda ýerine ýetirip, taryha girdi...

03.02.2026 12:27
6k+

30 sekunt üçin 10 mln dollar: «Superboulyň» mahabat bahalary rekord goýýar

2026-njy ýylyň «Superbouly» (Super Bowl) hatda oýun başlamazdan ozal täze rekordlary goýup başlady. 9-njy fewrala geçilýän gije geçiriljek amerikan futbolynyň final duşuşygy dünýäniň iň gymmat efir wagty statusyny ýene bir gezek tassyklady...

29.01.2026 15:25
9.7k+

2 ýaşda 2 rekord: Mançesterli oglanjyk snuker boýunça Ginnesiň iki rekordynyň eýesi boldy

Mançesterli iki ýaşly oglanjyk Jud Ouens bilýardyň snuker oýnunda iki sany çylşyrymly urgyny ýerine ýetiren iň ýaş adam hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. 2025-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Jud «pool» urgusyndan soňra topy yzyna bökdürmek (bounce shot) tärini üstünlikli ýerine ýetirdi...