Norwegiýada sentýabr aýynda elektromobil satuwy boýunça täze rekord goýuldy

  • 03.10.2021 10:16
  • 8.8k+

Şu ýylyň sentýabr aýynda Norwegiýada elektromobil satuwy boýunça rekord täzelendi. Şeýle maglumatlary Norwegiýanyň Ýol hereketi baradaky maglumatlar geňeşi neşir etdi diýip, TASS habar berýär.

“Sentýabr aýynda hasaba alnan 17 992 täze hususy awtomobilden 13 941 sanysy ýa-da 77,5%-i elektromobilleriň paýyna düşdi. Geçen ýylyň degişli aýy (öňki rekord goýlanda) bilen deňeşdirilende, ösüş 45,8% boldy” – diýlip, habarda aýdylýar. 

Gurama sentýabr aýynda satylan ähli görnüşli awtomobilleriň umumy sanynyň hem rekord bolandygyny belleýär. 

2021-nji ýylyň geçen aýlarynda ýurtda tas 129 müň täze hususy awtomobil satyldy, bu 2020-nji ýylyň degişli döwrüne garanda, 35% köpdür. Elektrokarlaryň paýy 62,5% bolup, bu bir ýyl ozalkydan 12% köpdür.

Norwegiýa elektrik ulaglaryny ornaşdyrmagyň tizligi boýunça ýewropa ýurtlarynyň arasynda lider hasaplanylýar. Norwegiýanyň häkimiýetleriniň meýilnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýyla çenli ýurtdaky her bir täze hususy we ýük awtomobilinde atmosfera üçin zyňyndylar bolmaly däl.


düýn 16:47
2.1k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

28.03.2026 13:56
2.2k+

Sony we Honda «Afeela» elektrokaryndan ýüz öwürdiler: onuň üçin eýýäm deslapky töleglerem alnyp başlanypdy

Sony Honda Mobility bilelikdäki kärhanasy «Afeela» elektromobil taslamasynyň ýapylýandygyny yglan etdi. Bu karar Honda-nyň elektrokar ösdürmek baradaky meýilnamalaryna täzeden seretmegi bilen baglanyşyklydyr....

09.03.2026 15:37
7k+

ABŞ-da Lexus ES sedanynyň täze nesliniň bahalary mälim edildi

ABŞ-nyň awtomobil bazarynda Lexus ES sedanynyň täze nesli üçin baha sanawy yglan edildi. Bu täze model indi müşderilere hem doly elektrik, hem-de gibrid güýç gurnamalary bilen hödürlenýär. Öň tarapdan çekiji bolan başlangyç elektrik "ES 350e Premium" wersiýasynyň bahasy 48 795 dollardan başlaýar...

07.03.2026 11:53
3.7k+

Lexus UX krossoweriniň batareýaly görnüşiniň önümçiligini bes etdi

Lexus kompaniýasy özüniň UX krossoweriniň elektrik görnüşiniň önümçiligini we satuwyny togtatdy. Bu barada "Auto Express" neşiri brendiň Britaniýadaky bölüminiň tassyklamagyna salgylanyp habar berdi. Şonuň bilen birlikde, agzalan model baradaky maglumatlar Lexus-yň Ýewropa we Ýaponiýa üçin niýetlenen resmi internet çeşmelerinden hem aýryldy...