OPEK: 2045-nji ýyla çenli nebit iň köp isleg bildirilýän ýangyç bolup galar

  • 30.09.2021 15:20
  • 4.4k+

Nebit gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň paýynyň artýandygyna garamazdan, uzak wagtlap iň köp sarp edilýän ýangyç bolar, şeýle-de bolsa onuň global sarp edişdäki paýy azalar. Şeýle netijeler OPEK-iň World Oil Outlook (WOO) uzak möhletleýin çaklamasyndan gelip çykýar diýip, TASS habar berýär.

Hasabatyň maglumatlary boýunça, 2020-nji ýylda energiýa göterijileriň global sarp edilişiniň 30%-i nebitiň paýyna düşdi. Pandemiýadan soň islegiň dikeldilmegi bilen 2025-nji ýyla çenli ol 31%-e çenli ýokarlanar. Ýöne şondan soň nebite bolan isleg alternatiw energiýa çeşmeleri sebäpli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolar, bu hem global energiýa balansynda nebitiň paýynyň 28%-e çenli azalmagyna getirer.

Şol bir wagtyň özünde, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine bolan isleg 2020-nji ýyldaky günde 6,8 mln barrel nebit ekwiwalentinden günde 36,6 mln barrel nebit ekwiwalentine çenli ýokarlanar. Energiýa garyndysynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň paýy 2020-nji ýyldaky 2,5%-den 2045-nji ýylda 10%-e çenli ýokarlanar. Deňeşdirmek üçin: şol döwürde nebite bolan isleg 82,5 mln b/g nebit ekwiwalentinden 99 mln b/g nebit ekwiwalentine çenli ýokarlanar.

Nebite bolan global isleg gaýtadan dikeldiler we geljek bäş ýylda 104,4 mln b/g ýeter, ýöne 2026-njy ýyldan soň ösen ýurtlar sebäpli nebitiň sarp ediliş depgini peselip başlar. Isleg ýokarlanmagyny bes eder we 2035-nji ýyldan soň durnuklaşar diýlip, uzak möhletleýin çaklamada aýdylýar.

2019 – 2026-njy ýyllarda nebite bolan isleg 13,8 mln b/g ýokarlanar. Umuman, 2045-nji ýyla çenli döwürde nebite bolan isleg 2020-nji ýyldaky baza garanda, 17,6 mln b/g – günde 90,6 mln barrelden günde 108,2 mln barrele çenli ýokarlanar.

OPEK-iň hasaplamasy boýunça, çaklamanyň ilkinji bäş ýylynda islegiň ösüşi ortaça 2,6 mln b/g bolar. 2026-njy ýyldan soň ol ortaça 0,6 mln b/g çenli, 2030 – 2035-nji ýyllarda 0,3 mln b/g çenli peseler. 


şu gün 11:54
890

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.1k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
1.9k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.8k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......