Pekindäki Olimpiýa oýunlaryna daşary ýurtly janköýerler goýberilmez

Pekindäki Olimpiýa oýunlaryna daşary ýurtly janköýerler goýberilmez

Pekinde geçiriljek gyşky Olimpiýa oýunlary üçin petekler diňe Hytaýyň ýaşaýjylaryna elýeterli bolar. Bu barada Halkara Olimpiýa komitetiniň metbugat gullugy habar berýär diýip, TASS belleýär.

Petek satyn almak isleýänler soňrak kesgitlenjek antikowid protokollarynyň talaplaryna laýyk gelmelidir. 
Pekindäki Olimpiýa oýunlary 4-nji fewraldan 20-nji fewral aralygynda geçiriler. Ýatlap geçsek, Tokioda geçirilen tomusky Oýunlara hem diňe ýerli janköýerler gatnaşyp bildi.