Hytaýda mekdep lybaslary yzarlamak üçin niýetlenen çipler bilen üpjün edildi

Hytaýda mekdep lybaslary yzarlamak üçin niýetlenen çipler bilen üpjün edildi

Hytaýyň Çžuhaý şäherindäki mekdepleriň birinde tejribäniň çäginde okuwçylaryň lybaslary elektron çipler bilen üpjün edildi. Bu barada France Info habar berýär diýip, gazeta.a42.ru belleýär.

Özboluşly sanly mekdep lybasy ene-atalara we mugallymlara çagalaryň hereketini yzarlamaga we okuwçynyň naharhanada ýa-da hajathanada näçe wagt bolandygyny anyk bilmäge mümkinçilik berýär. Eger-de çaga howply ýerde bolsa, ulgam ulularyň ykjam telefonuna duýduryş signalyny iberýär.

Ýöne, belli bolşy ýaly, bu täzelik hemme ene-atalara ýaramady. Olaryň käbirleri ony elektron bilezikleriň kömegi bilen jenaýatçylary yzarlaýyş ulgamyna meňzetdiler. 

Belläp geçsek, Hytaý wideogözegçilik kameralaryny ornaşdyrmakda öňdebaryjy döwletdir. Käbir mekdeplerde kameralar synp otaglarynda hem bolup, diňe bir sapaga gatnaşyga däl, eýsem okuwçylaryň sapaga bolan ünsüne gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.