Brent nebitiniň bahasy 2018-nji ýylyň oktýabryndan bäri ilkinji gezek bir barrele 79 dollardan ýokary boldy

Brent nebitiniň bahasy 2018-nji ýylyň oktýabryndan bäri ilkinji gezek bir barrele 79 dollardan ýokary boldy

2021-nji ýylyň dekabr aýyndaky üpjünçilik bilen Brent söwda belgili nebit üçin fýuçers bahasy Londonyň ICE biržasynda 2,28% ýokarlanyp, bir barrele 79,01 dollara ýetdi. Muny Aşgabat wagty bilen 19:00-da söwda meýdançasynyň maglumatlary delillendirýär.

19:28-e çenli ösüş haýallady, Brent nebitiniň bahasy bir barrele 78,92 dollar derejesinde boldy, bu bolsa geçen sessiýanyň ýapylyş derejesinden 2,19% ýokarydyr. 

Iň soňky gezek Brent-iň bahasy 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda bir barrele 79 dollardan geçdi diýip, TASS belleýär. WTI söwda belgili nebit 2,2% gymmatlap, barreline 75,61 dollara ýetdi.