Nur-Sultanyň Ýer togalagy şekilindäki muzeýi türkmen baýdagynyň reňkleri bilen bezeldi

Nur-Sultanyň Ýer togalagy şekilindäki muzeýi türkmen baýdagynyň reňkleri bilen bezeldi

27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultan şäherinde ýerleşýän «Нур Алем» muzeýiniň binasy Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň şekili bilen bezeldi. Bu waka Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň nyşany hökmünde türkmen halkyna özboluşly baýramçylyk sowgady boldy.

Mälim bolşy ýaly, gazak dilinden terjime edilende «Nur saçýan älem» diýen manyny berýän «Нур Алем» muzeýiniň Ýer şary şekilindäki binasy dünýäde togalak şekilli desgalaryň iň irileriniň biri bolup, Gazagystanyň paýtagtynyň gözel ýerleriniň arasynda aýratyn orun eýeleýär. 2017-nji ýylda «EKSPO» sergisiniň geçirilmegi bilen, bu desga bütin dünýäde uly meşhurlyk gazandy.