Azerbaýjan teleýaýlymynda türkmenistanly sungat ussatlarynyň konserti görkezildi

Azerbaýjan teleýaýlymynda türkmenistanly sungat ussatlarynyň konserti görkezildi

24-nji sentýabrda agşam Azerbaýjanyň «Mədəniyyət TV» teleýaýlymynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk konserti görkezildi. Konsert ýerli wagt bilen sagat 18:25-de, Aşgabat wagty bilen 19:25-de başlandy.  

Azerbaýjanyň Trend habarlar agentliginiň maglumatyna görä, konsert maksatnamasy Türkmenistanyň meşhur sungat ussatlarynyň çykyşlaryny, şol sanda folklor-tans toparlarynyň ýerine ýetirmegindäki dürli görnüşli çykyşlary öz içine aldy.