Apple iPhone 13-iň antennalaryny taýýarlamak üçin plastik çüýşeleri ulanýar

Apple iPhone 13-iň antennalaryny taýýarlamak üçin plastik çüýşeleri ulanýar

iPhone smartfonlaryny çykarýan Apple kompaniýasy daşky gurşawa ýetýän zyýanly täsiri azaltmaga çalyşýar. Pudakda ilkinji gezek plastik çüýşeler iPhone 13 mobil gurluşlarynyň antennalaryny taýýarlamak üçin ulanylar. Bu barada actualnews.org habar berýär.

Innowasion önümler bilen bir hatarda bu gajetde Magsafe magnitlerinde 100% gaýtadan işlenen seýrek toprak elementleri ulanylýar. Ulgam platasynda bolsa gaýtadan işlenen galaýy ulanylýar, ol akkumulýatory dolandyryjy blokda hem bar. Ady agzalan seriýanyň smartfonlarynda kontaktdan ýygnalan altyn peýdalanylýar, onuň bilen ulgam platasy we esasy hem-de frontal kameralaryň metal simleri örtülýär. Kupertinoly mobil gurluşlaryny öndüriji 2030-njy ýyla çenli uglerod bitaraplygyna ýetmegi maksat edinýändigini aýtdy. Üpjünçilik zynjyryny we çykarylýan önümleriň ýaşaýyş döwrüni üýtgetmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda Apple dünýäniň dürli künjeginde ýerleşýän önümçilik meýdançalarynda uglerod zyňyndylarynyň nol derejesini gazanmagy başardy. 

10 ýylyň dowamynda bu kompaniýanyň bazara çykýan her bir mobil gurluşy uglerod yzynyň nol derejesine eýe bolar. Amerikaly hünärmenleriň ýene bir teklibi dewaýslaryň gabynda polietilen plýonkasynyň bolmazlygy boldy, satuw toplumyndan zarýad beriji gurluş hem aýryldy.