ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili öz işini tamamlady

  • 21.09.2021 08:12
  • 3.9k+

20-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurdumyzda öz işini tamamlaýan Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Kristina Weýgand bilen duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda R.Meredow hanym Weýganda BMG-niň bu ähmiýetli edarasynyň hem-de ýurdumyzyň  arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

TDIM-niň Metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, duşuşygyň çäklerinde söhbetdeşler gazanylan üstünlikleri hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň ileri tutulýan ugurlaryny belläp geçdiler. Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda çagalar üçin köpugurly durmuş hyzmatlarynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen Milli strategiýalaryň we bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi nygtaldy.

Şeýle hem häzirki dowam edýän 2018-2022-nji ýyllar üçin Türkmenistanda çaganyň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça hereketleriň Milli meýilnamasyna baha bermek boýunça işleriň alnyp barylýandygy we täze meýilnamanyň işlenilip düzülmegine taýýarlanylýandygy bellenildi.

Öz gezeginde, ÝUNISEF-niň wekili türkmen tarapyna şu ýyllaryň dowamynda wezipesini ýerine ýetirmekde eden ýardamlary we goldawy üçin hoşallygyny bildirdi.


düýn 13:46
7.5k+

Gurtly-Büzmeýin ugry boýunça Toyota Hiace kysymly kiçi awtobusyň gatnawy ýola goýuldy

"Awtomobil Ulag Hyzmaty” Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Aşgabat şäheriniň içindäki “Gurtly – Büzmeýin” ugry boýunça “Toyota Hiace” kysymly kiçi göwrümli awtobuslaryň hereketini ýola goýdy. Bu gatnaw ýolagçylaryň isleglerini kanagatlandyrmaga, paýtagtymyzyň degişli ýaşaýyş toplumlarynyň arasynda has amatly we yzygiderli ulag gatnawyny üpjün etmäge gönükdirilendir...

düýn 06:52
8.4k+

Kosmonawt Kononenko Ýere dolanmazdan öň hemişe şol bir kitaby gaýtadan okaýar

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany,  Kosmonawtlary taýýarlamak merkeziniň başlygy Oleg Kononenko RBK neşirine beren interwýusynda Ýere dolanmazdan öň öz edýän aýratyn işleriniň we şahsy däbiniň jikme-jiklikleri barada gürrüň berdi...

01.12.2025 06:45
10k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: hepdäniň ortasynda ýagyş ýagar (01.12 - 07.12)

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda az-kem ýagyş ýagar...

29.11.2025 21:54
2.9k+

2025-nji ýylyň arheologik möwsüminiň tapyndylary Türkmenistanyň muzeý gaznalaryna tabşyryldy

26-njy noýabrda nobatdaky meýdan arheologik we ylmy işleriň netijesinde ýüze çykarylan täze tapyndylary muzeýlere tabşyrmak boýunça dabara geçirildi. Tapyndylar Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet Merkeziniň Döwlet muzeýiniň we Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gaznalaryna gowşuryldy...