Çempionlar ligasy: «PSŽ»-«Brýugge» deňme-deň, «Liwerpul» «Milany», «Siti» «Leýpsigi» ýeňdi

  • 16.09.2021 14:07
  • 12k+

Çempionlar ligasynyň A toparynyň birinji tapgyrynyň oýnunda «PSŽ» Belgiýanyň «Brýugge» toparyny ýeňip bilmedi. Duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy. Bu duşuşyk argentinaly hüjümçi Lionel Messi üçin pariž klubunyň düzüminde birinji oýun boldy. Emma Messi toparyna ýeňmäge kömek edip bilmedi, duşuşygyň ahyrynda bolsa, sary duýduryş aldy.

B toparda «Liwerpul» 3:2 hasabynda «Milandan» üstün çykdy. Italiýan klubunyň oýunçylary iki gezek hasaby deňlemegiň hötdesinden gelseler-de, iňlisler güýçli geldiler.

D toparda Milanyň «Interi» bilen Madridiň «Realynyň» arasynda hasap 89-njy minuda çenli 0:0 bolmagynda galdy. Şonda ispan klubunyň ýarymgoragçysy Eduardo Kamawinga italýanlaryň jerime meýdançasynda topy Rodrigo geçirdi. Ol hem ýeňiş pökgüsini geçirdi.

Amsterdamyň «Aýaksy» bilen Lissabonyň «Sportinginiň» arasyndaky duşuşyk niderlandlylaryň hasabynda 5:1 hasabynda tamamlandy. Sebastýen Aller «Aýaksyň» düzüminde Çempionlar ligasyndaky ilkinji duşuşygynda 4 gol geçirdi. Bäşinji pökgini Stiwen Bergöýs geçirdi.

Beýleki duşuşyklaryň netijeleri:

  • «Beşiktaş» - «Borussiýa» — 1:2 (Gollar: Montero 90+4' — Bellingem 20', Holann 45+3')
  • «Mançester Siti» - «Leýpsig» — 6-3 (Ake 16, Mukiele (ÖG) 28, Marez (pen) 45+2, Griliş 56, Kanselu 75, Jesus 85 — Nkunku 42, 51, 73)
  • «Şerif» - «Şahtýor» — 2:0 (Traore 16, Ýansane 62)
  • «Atletiko» - «Portu» — 0:0

düýn 13:03
12k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

düýn 12:40
9.5k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

düýn 11:14
6.3k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

16.06.2026 14:50
10k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....