Президент Бердымухамедов обсудил с главой минюста модернизацию законодательной базы страны

  • 16.09.2021 07:42
  • 10k+

15-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow adalat ministri B.Muhamedow bilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde berlen tabşyryklary ýerine ýetirmek bilen baglylykda, milli kanunçylygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.

Döwlet Baştutany iş maslahatynyň barşynda giň gerimli özgertmeleriň hukuk esaslaryny döretmegiň häzirki döwürde amala aşyrylýan döwlet strategiýasynyň esasy wezipeleri bolup durýandygyny belledi. Şunda hereket edýän kanunlaryň yzygiderli kämilleşdirilmegine hem-de bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň iş netijeliligini ýokarlandyrmaga, dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulmagyna, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge, gyzyklanma bildirýän taraplar, abraýly halkara düzümler bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen täze kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegine aýratyn üns berilýär.

Adalat ministri B.Muhamedowyň hasabaty diňlenildi, ol raýatlaryň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny ygtybarly goramak, kanunylygy üpjün etmek üçin kanunçykaryjylyk we hukuk iş tejribesi babatda bir bitewi döwlet syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmäge gönükdirilen işler barada hasabat berdi.

Türkmenistan raýatlaryň saglygyny goramak babatda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan amala aşyrylýan halkara hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýar hem-de adamyň ömrüni we saglygyny gorap saklamaga döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garaýar diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şoňa görä-de, türkmen Lideri saglygy goraýyş babatda, şeýle hem bütindünýä pandemiýasy ýaly ählumumy howplara garşy göreşmek babatda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de dowam etdirilmelidigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň eksport mümkinçiliginiň işjeň artmagy, şeýle hem ulag geçelgelerini döretmek boýunça döwlet maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmak, milli bähbitleri goramak maksady bilen, söwda we ulag syýasaty babatda zerur hukuk namalaryny taýýarlamagyň möhümdigine aýratyn üns berildi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyz energiýa serişdeleriniň eksport edilýän möçberini yzygiderli artdyrýar, şol serişdeleri sarp edýän we üstaşyr geçirýän ýurtlar bilen deňhukukly gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýar. Şunuň bilen baglylykda, energiýa serişdelerini kepillikli ibermek ygtybarly hukuk binýadyny talap edýär diýip, döwlet Baştutany bu ugurda alnyp barylýan işleri çaltlandyrmagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutany Halkara Zähmet Guramasynyň konwensiýalaryna, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Söwda hyzmatdaşlygy boýunça çarçuwaly Ylalaşygyna Türkmenistanyň goşulmagy baradaky meseleleri öwrenmegiň möhümdigini aýtdy.

Halkara tejribede içerki we daşarky maýa goýujylar üçin özüne çekiji ýagdaý bolan hökümete dahylsyz halkara täjirçilik arbitraž kazyýetleriniň döredilmegi üçin Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýanynda Halkara täjirçilik arbitraž merkezini döretmek boýunça işler esasy ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Türkmen Lideri raýatlara ýokary hilli hukuk kömegini bermek, fiziki we ýuridik şahslaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini netijeli hem-de ygtybarly goramak maksady bilen, Hukukçylaryň hünär kämilleşdiriş merkezini döretmek boýunça işleri alyp barmagy, şeýle hem ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň we goňşy döwletleriň tejribesinde bar bolan “Bir penjire” goşulmalaryny ulanmagy has-da kämilleşdirmegi tabşyrdy.


сегодня 07:42
766

В МИД Туркменистана прошли встречи с послами Финляндии и Японии

10 июня заместитель министра иностранных дел Туркменистана Мяхри Бяшимова провела дипломатические встречи с послами Финляндской Республики и Японии. Об этом сообщили в пресс-службе внешнеполитического......

08.06.2026 17:39
2k+

Сумма экспортных сделок на бирже Туркменистана превысила $78,6 млн

За минувшую неделю на торгах Государственной товарно-сырьевой биржи Туркменистана было зарегистрировано 49 сделок. Общая стоимость экспортных контрактов превысила 78,656 млн долларов США....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Туркменистан и Турция провели девятое заседание межправкомиссии

В Ашхабаде прошло девятое заседание Межправительственной туркмено-турецкой комиссии по экономическому сотрудничеству. По итогам обсуждений стороны определили дальнейшие шаги по развитию партнёрства и подписали......

05.06.2026 15:39
2.6k+

В Ашхабаде обсудили новые направления туркмено-американского делового партнёрства

В Торгово-промышленной палате Туркменистана в формате круглого стола состоялся туркмено-американский бизнес-форум. Представители двух стран обсудили перспективы расширения экономического сотрудничества и......