TikTok ortaça sarp edilen wagty boýunça YouTube-dan öňe geçdi ​

TikTok ortaça sarp edilen wagty boýunça YouTube-dan öňe geçdi ​

App Annie analitika kompaniýasynyň täze hasabaty ABŞ-nyň we Angliýanyň ilatynyň YouTube-da däl-de, TikTok-da has köp wagt sarp edýänýändigini görkezdi. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Derňewçiler her ulanyjynyň TikTok üçin sarp edýän ortaça wagtynyň YouTube-dakydan has ýokarydygyny anykladylar. Bu bolsa adamlaryň TikTok-da has köp güýmenýändigini görkezýär.
Şeýle-de bolsa, her ulanyjy başyna däl-de, umumy sarp edilen wagtyň dowamlylygy boýunça birinji orny YouTube özünde saklaýar. Bu bolsa onuň ulanyjylarynyň has köpdügi bilen düşündirilýär.
Şeýle hem, App Annie-niň hasabatyndan görnüşi ýaly, ýükläp alýanlaryň sany boýunça TikTok-yň Instagram-dan öňe geçendigi bellenilýär.