Gurbanguly Berdimuhamedow: «Ykdysadyýetimizi bazar şertlerine näçe tiz geçirsek, halkymyz şonça-da çalt gowy durmuşda ýaşar»

  • 11.09.2021 11:08
  • 23k+

10-njy sentýabrda geçirilen Hökümetiň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti milli ykdysadyýeti bazar şertlerine geçirmegiň möhümdigi barada aýratyn nygtady. Bellenilişi ýaly, bütin dünýä şu usulda işleýär we ykdysadyýetimizi bazar şertlerine näçe tiz geçirsek, halkymyz şonça-da çalt gowy durmuşda ýaşar.

Eger siziň käbiriňizde aýry-aýry pudaklar bazar şertlerinde işläp bilmez diýen düşünje bar bolsa, onda bu pikir ýalňyşdyr — diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we şol pudaklar üçin ýaş, sowatly, gujur-gaýratly, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda işläp we ýolbaşçylyk edip biljek başarnykly adamlary saýlap almagy tabşyrdy.

Türkmen Lideri Ýer ýüzünde koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy we onuň dünýä ykdysadyýetine ýetirýän ýaramaz täsiri sebäpli ýüze çykýan daşarky ýagdaýlara garamazdan, ýubileý ýylynda hem Garaşsyz döwletimiziň kabul edilen maksatnamalara laýyklykda sekiz aýyň dowamynda depginli ösmegini dowam edendigini belledi.

Hasabat döwründe ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim derejede saklandy. Berkarar Watanymyzda iri senagat we durmuş desgalarynyň gurluşygy depginli dowam edýär. Bellenen meýilnamalara laýyklykda, şu ýylda 30 sany iri desganyň ýerine 56 sany desga işe girizildi. Ýylyň ahyryna çenli ýene-de ençeme desganyň ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýar.

Mälim bolşy ýaly, ýylyň ahyryna çenli biziň öňümizde birnäçe möhüm çäreler bar. Sentýabr aýynda biz berkarar döwletimiziň baş baýramyny — Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny dabaraly belläris, Halk Maslahatynyň mejlisini geçireris — diýip döwlet Baştutany göreldeli we yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşine uly goşant goşan mynasyp zähmetkeşleriň döwlet sylaglary bilen sylaglanjakdygyny, Watanymyzyň ýubileýine bagyşlap, dabaraly harby ýörişiň geçiriljekdigini belledi we bu çäreleriň ählisini ýokary derejede geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.


düýn 19:38
2.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 11:05
3.6k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......