Mýunhen awtoulag sergisinde wodorodly BMW X5 krossoweri tanyşdyryldy

Mýunhen awtoulag sergisinde wodorodly BMW X5 krossoweri tanyşdyryldy

Mýunhen awtoulag sergisinde BMW özüniň X5 krossoweriniň wodorodly görnüşini tanyşdyrdy. “iX5 Hydrogen” diýlip atlandyrylýan bu awtoulag 2022-nji ýylda öndürilip başlar. Krossower 2019-njy ýylda tanyşdyrylan iNext Hydrogen prototipine esaslanýar. Bu barada procrossover.ru habar berýär.

Awtoulagyň kapotynyň aşagynda wodorod ýangyçly iki sany 700 barlyk bak bilen işleýän güýç agregaty ýerleşýär. Baklar uglerod süýümi bilen berkidilen plastmassadan ýasalýar. Takmynan, 6 kilograma golaý wodorod saklap bilýän bu baklary üç-dört minutda dolduryp bolýar. BMW heniz täze önümiň tehniki taraplary barada jikme-jik maglumat bermedi, ýöne ol iX5 Hydrogen-iň bäşinji nesil elektrikli hereketlendirijisiniň bardygyny we onuň güýç kuwwatynyň 369 at güýjüne çenli ýetýändigini tassyklady.

BMW bazar şertlerine we infrastrukturanyň goldawyna baglylykda, iX5-iň yzygiderli önümçiligine başlamak mümkinçiligine seredip biler. Hatda BMW häzirki infrastruktura problemalary çözülse, i3, iX3, iX we i4 ýaly beýleki modelleriniň hem wodorodly görnüşini öndürip biljekdigini tekrarlaýar.