Türkmen Lideri: «Zähmete ukypsyz raýatlar, maýyplar, köp çagaly maşgalalar döwlet tarapyndan alada bilen gurşalýar»

  • 04.09.2021 07:23
  • 22k+

Türkmenistanyň Prezidenti: «Siz ynsanperwerligiň we adalatyň tarapdary bolan halkyň neslisiňiz. Agzybirlik, dostlukly gatnaşyklar halkymyzyň hoşniýetli häsiýetleridir» diýip, Maslahat köşgünde eden umumy çykyşynda türkmen ýaşlaryna birek-birege hemaýat etmek, hormat goýmak, ejize ganym bolmazlyk barada öwüt-nesihatlary berdi.

«Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyz esasynda biz halkymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny yzygiderli berkidýäris, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrýarys. Bu syýasat, ilkinji nobatda, goldawa we goraga mätäç raýatlara gönükdirilendir. Şoňa görä-de, zähmete ukypsyz raýatlara, maýyplara, köp çagaly maşgalalara maddy taýdan üpjünçilik we durmuş hyzmatlary edilýär. Bu iş olara pensiýalar, döwlet kömek pullary, durmuş ýeňilliklerini bermek görnüşinde, tölegler arkaly amala aşyrylýar. Döwlet serişdeleriniň hasabyna köp çagaly maşgalalara, howandarlyga mätäç çagalara, weteranlara, döwlet ýa-da jemgyýetçilik bähbitlerini goramakda saglygyny ýitirenlere goşmaça goldaw berilýär — diýip, döwlet Baştutany Türkmenistanda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döretdilendigini, şeýle-de Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň gurulýandygy barada aýtdy.

Meniň ýaşlara berjek ýene-de bir pendim: siz ynsanperwerligiň we adalatyň tarapdary bolan halkyň neslisiňiz. Agzybirlik, dostlukly gatnaşyklar halkymyzyň hoşniýetli häsiýetleridir. Birek-birege hemaýat etmek, hormat goýmak, ejize ganym bolmazlyk halkymyzda müdimilik gelýän kadadyr. Bu öwütler ynsanperwerligiň, ýokary ahlaklylygyň şygarlary bolup ýaňlanýar diýmek bilen, türkmen Lideri ýaşlaryň ata-babalarymyzyň asylly däplerini durmuş şygaryna öwürmelidiklerini aýtdy.

 Bu gün türkmen paýhasy dünýä nur saçýar, türkmen topragynda ägirt uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şu şöhratly zamanada okamak, öwrenmek, ata-babalarymyzyň döreden mukaddesliklerine wepaly bolmak, eziz Watana jan-u-tenden hyzmat etmek ýaşlarymyzyň baş maksady bolmalydyr.


düýn 16:30
557

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
719

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......