Gazagystan 2022-nji ýylda nebit önümçiligini 87,9 mln tonna çenli artdyrmagy meýilleşdirýär

Gazagystan 2022-nji ýylda nebit önümçiligini 87,9 mln tonna çenli artdyrmagy meýilleşdirýär

Gazagystanyň häkimiýetleri nebit önümçiligini 2021-nji ýyldaky 86 mln tonnadan 2022-nji ýylda 87,9 mln tonna çenli artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada hökümet ýygnagynda Gazagystanyň Milli ykdysadyýet ministri Aset Irgaliýew aýtdy.

“2022-nji ýylda nebit önümçiligi 2026-njy ýylda 107,4 mln tonna çenli ýokarlanmak bilen, 87,9 mln tonna barabar bolar” – diýip, ol belleýär.

2020-nji ýylda Gazagystanda nebit önümçiligi 85,7 mln tonna boldy. 2021-nji ýylda respublikada 86 mln tonna gazyp almak meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, hökümet 2022-nji ýylda JIÖ-iň hakyky ösüşiniň 3,9% bolmagyna garaşýar diýip, TASS belleýär.

“Býujet meýilnamalaşdyryşy üçin esas hökmünde esasy ssenariýany ulanmak teklip edilýär. Bu ssenariýa boýunça 2022-nji ýylda JIÖ-iň hakyky ösüşi 3,9% bolar diýlip çaklanylýar. 2026-njy ýylda ol 5,2%-e çenli ýokarlanar” – diýip, Irgaliýew belledi.

Gazagystanyň hökümeti şu ýyl ykdysadyýetiň 3,5% - 4% ösüşini üpjün etmegi maksat edinýär. 2020-nji ýylda ýurduň JIÖ 2,6% pese gaçdy. 2019-njy ýylda JIÖ-iň ösüşi 4,5% boldy.