Messi gidenden soň, «Barselonada» «10-luk» belgide Ansu Fati çykyş eder

  • 02.09.2021 18:10
  • 8.9k+

“Barselona” topary terk eden argentinaly hüjümçi Lionel Messiniň 10-njy belgisini ispaniýaly futbolçy Ansu Fatä berdi. Bu barada toparyň saýtynda habar berilýär diýip, RIA Nowosti belleýär.

“Barselonadaky” onunjy belgi braziliýaly oýunçylar Ronaldino bilen Riwaldo hem degişlidi. Ondan öň Fati 22-nji we 17-nji belgilerde çykyş etdi.
Karýerasynyň ep-esli bölegini “Barselonada” geçiren, “Altyn topuň” alty gezek eýesi bolan Messi 10-njy awgustda “PSŽ” bilen şertnama baglaşdy. 
Fati – “Barselonanyň” ýetişdiren oýunçysy. Klubuň esasy toparynyň düzüminde 18 ýaşly oýunçy 43 oýna gatnaşyp, 13 gol girizdi. 2020-nji ýylyň noýabr aýynda ol dyz şikesi sebäpli uzak möhlet bilen oýundan çykdy we häzire çenli resmi duşuşyklara gatnaşmady.


23.05.2026 13:15
11k+

Bloomberg: Messi milliarder boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messiniň baýlygy 1 milliard dollardan geçdi. «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldudan ýedi aý soň «Bloomberg Billionaires Index» sanawyna girdi....

22.05.2026 11:36
5.9k+

«Býörnli» APL-dan aşaky liga düşse-de, çempion bolan «Barselonadan» köp gazanar

Angliýanyň Premýer-ligasynda 19-njy orny eýelän «Býörnli» kluby Çempionşipe düşer we möwsümiň netijeleri boýunça töleg hökmünde takmynan 50 million funt sterling (57,5 million ýewro) alar....

16.05.2026 20:02
12k+

«Ýyldyz bolup geldiň – rowaýata öwrülip gidýäň». Robert Lewandowski «Barselonadan» gidýär

Polşaly hüjümçi Robert Lewandowski şu möwsüm tamamlanandan soň, «Barselonany» terk etjekdigini mälim etdi....

15.05.2026 16:07
6.1k+

Messiniň «Inter Maýamidäki» zähmet haky $28 mln-dan geçdi: MLS-de ondan köp alýan ýok

Argentinaly hüjümçi Lionel Messi 2026-njy ýylyň möwsüminiň netijeleri boýunça MLS-iň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylarynyň sanawynda birinji orny eýeledi. Liganyň oýunçylarynyň kärdeşler arkalaşygynyň......