Türkmen wekiliýeti Birleşen Arap Emirliklerinde saparda bolýar

  • 02.09.2021 07:38
  • 6.7k+

TDIM-niň Metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine saparynyň dowamynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň toplumy geçirildi. 29-30-njy awgustda BAE-niň Milli howpsuzlyk boýunça Ýokary geňeşiniň ýolbaşçylary, şeýle hem Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň Baş direktory Mohammad Saif Al Suwaidi bilen gepleşikler geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky özara gatnaşyklaryň häzirki derejesine ýokary baha berdiler. Hususan-da, syýasy, söwda-ykdysady, energetika, maliýe, maýa goýum we özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmegiň möhümdigi bellenildi.

Owganystanda emele gelýän ýagdaýlara aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy owgan topragyndaky ýagdaýlaryň diňe syýasy-diplomatik serişdeler arkaly kadalaşdyrylmagynyň derwaýyslygyny ýene-de bir gezek tassyklady.


düýn 16:01
1.5k+

BAE OPEK we OPEK+ nebit bileleşiginden çykýar

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 1-nji maýdan başlap, OPEK we OPEK+ bileleşiginden çykýar diýip, Reuters habar berýär....

düýn 15:42
1k+

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......

düýn 15:09
1k+

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

düýn 08:12
1.8k+

Türkmenistanyň Ilçisi Moldowa Respublikasynyň DIM-iniň Döwlet sekretary bilen duşuşdy

28-nji aprelde Kişinýewde iş sapary bilen bolan Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Ilçisi T.Ataýew (oturýan ýeri Kiýew şäheri) Moldowanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary S.Mihow we......