Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri dalaşgär gözleýärler

Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri dalaşgär gözleýärler

Russiýanyň birnäçe ýokary okuw mekdepleri, şol sanda abraýly ýokary okuw mekdepleri hem birinji ýyl talyplarynyň zerur sanyny ýygnap bilmediler. Hünärmenler bu täze kabul ediş düzgünleri – ikinji kabul ediliş tolkunynyň ýatyrylandygy sebäpli boldy diýip hasaplaýarlar.

“Kommersant” gazeti Moskwanyň döwlet uniwersitetiniň birnäçe fakultetiniň tölegli ýerlere dalaşgärleriň goşmaça alynýandygy barada habar berendigine ünsi çekdi.

“Eger-de siz esasy akymda resminamalary tabşyryp ýetişmedik bolsaňyz, zerur okuw görnüşini ýa-da taýýarlyk ugruny saýlamadyk bolsaňyz, ikilik alyp, synagy gaýtadan tabşyrmak isleýän bolsaňyz, siziň ýene bir gezek synanyşmaga mümkinçiligiňiz bar” – diýlip, žurnalistika fakultetiniň saýtynda aýdylýar. Şeýle dalaşgärler üçin goşmaça giriş synaglarynyň senesi ýakyn wagtda habar berler. Şeýle bildirişler psihologiýa, filosofiýa, hukuk we geografiýa fakultetlerinde hem bar. 

Goşmaça okuwa kabul ediljekdigi barada sebit ýokary okuw mekdepleri hem habar berdi. Mysal üçin, Irkutsk döwlet uniwersiteti we Sewastopol döwlet uniwersiteti bakalawriata kabul edilenden soň galan býujet ýerleri üçin dalaşgärlere garaşýarlar. Woronež döwlet tehniki uniwersiteti bolsa goşmaça býujet ýerlerine örän uly islegiň bardygyny habar berdi: hünärleriň biri boýunça bäsleşik bir orun üçin 27 adama barabar.

Paýtagtyň birnäçe ýokary okuw mekdepleri başga bir ýoly – goşmaça kabul edişligi saýladylar. Bu okuwa giren dalaşgär haýsydyr bir sebäp bilen resminamalaryny yzyna alanda bolýar. Şonda boşan ýerlere esasy bäsleşik wagtynda bal boýunça geçip bilmedikler kabul edilýär. Goşmaça kabul edişlik barada Moskwanyň Fizika-tehnika instituty, Moskwanyň Döwlet gurluşyk uniwersiteti, Moskwanyň Elektron tehnika instituty, Moskwanyň Energetika instituty we Moskwanyň Awtomobil-ýol döwlet tehniki uniwersiteti habar berdi. Olaryň käbirleri dalaşgärleri hatda býujet ýerlerine-de almaga taýýar.