Türkmen Lideri Nikaraguanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 25 ýyllygy bilen gutlady

  • 24.08.2021 09:35
  • 2.9k+

Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň we Hökümetiň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Nikaragua Respublikasynyň Prezidenti Hose Daniel Ortega Saawedra we ýurduň ähli halkyna iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Gutlagda döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýandygy hem-de ösüşe we abadançylyga gönükdirilendigi, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi tassyklanypp, gatnaşyklaryň iki ýurduň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirilýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan häzirki wagta çenli dünýä döwletleriniň 151-si bilen diplomatik gatnaşyklary saklaýar. Türkmenistan bilen Nikaragua Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar bolsa 1996-njy ýylda ýola goýuldy.


düýn 23:15
1.5k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......

30.04.2026 20:14
1.5k+

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......

30.04.2026 17:05
2.2k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

30.04.2026 16:01
2.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....