Kimlere garpyz-gawun iýmek bolmaýar?

Kimlere garpyz-gawun iýmek bolmaýar?

Moskwanyň Saglyk ministrliginiň berhiz lukmany Antonina Starodubowa kimleriň garpyz we gawun iýmegi çäklendirmelidigi hakynda belläp geçdi. Bu barada RIA Nowosti habarlar portalyna salgylanyp, msn.com habar berdi.

Garpyz we gawun, hususan-da, dispepsiki alamatly aşgazan-içege we daşly peşew kesellerinden ejir çekýän adamlar üçin howply bolup biler diýip, çeşme berhiz lukmanynyň sözlerini getirýär.

"Dispepsiki alamatly aşgazan-içege kesellerinden, daşly peşew kesellerinden, süýji keselinden, şahsy çydamsyzlykdan ejir çekýän adamlara garpyz we gawun iýmek maslahat berilmeýär ýa-da seresaplylyk bilen iýmäge rugsat berilýär" diýip, hünärmen duýduryş berýär.

Starodubowa käbir faktorlara baglylykda, hatda iň peýdaly önümiň hem bedene zyýan ýetirip biljekdigini belläp geçdi. Bu faktorlaryň hataryna iýmitiň hili, möçberi, şeýle hem onuň ösdürip ýetişdirilen şertleri we başga-da birnäçe sebäpler degişli bolup durýar diýip, lukman nygtaýar.