Dünýädäki iň arzan smartfonyň bahasy näçe?

Dünýädäki iň arzan smartfonyň bahasy näçe?

Internet ulgamynda gaty täsin we üýtgeşik smartfon - JioPhone Next hakda maglumatlar peýda boldy. Bu smartfonyň bäsdeşlerinden esasy tapawutly aýratynlygy onuň bahasy hasaplanýar. Şunuň bilen baglylykda, ol 50 dollardan gymmat bolmaz diýip, pcnews.ru ýazýar.

Has takygy, JioPhone Next-iň bahasy 47 dollara barabar bolar. Munuň özi smartfony bazardaky iň arzan doly hukukly smartfona öwürýär diýip, Gizmochina ýazýar.

Smartfon Google bilen bilelikde döredilen Reliance hindi şereketi tarapyndan öndüriler. JioPhone Next-iň 2021-nji ýylyň iýun aýynda tanyşdyrylmagyna garaşylýar.

Ýeri gelende bellesek, smartfon “Qualcomm”-yň “Snapdragon 215” çipine esaslanýar. Şol bir wagtyň özünde, enjam 3 Gb operatiw ýadyna we Android 11 Go mobil operasiýa ulgamyna eýe bolar. Şeýle hem, ol 13 megapiksel esasy kamera we 8 megapiksel öň kamerasy bilen üpjün ediler.