Türkmenistanly talyp gyz ylym ugry boýunça GDA-nyň iň gowy talyby boldy

  • 19.08.2021 12:14
  • 26k+

Belarus Respublikasynda ýokary bilim alýan türkmenistanly talyp gyz Ogulaý Ataýewa «GDA-nyň iň gowy talyby-2021» atly halkara bäsleşikde «Ylym» ugry boýunça ýeňiş gazandy. Bu bäsleşik Arkalaşygyň bilim we ylym edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda guraldy. Bu barada Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsullygynyň kazan.tmconsulate.gov.tm saýtynda habar berildi.

GDA-nyň iň gowy talyby adyny alan Ogulaý Ataýewa Belarus döwlet uniwersitetinde ykdysadyýet ugry boýunça 3-nji ýyl talyp. Ýokary bilimi Belarus Respublikasynda almagy arzuw eden talyp gyz mekdep döwürlerinde-de ylym bilen meşgullanypdyr. Ol ykdysadyýetde innowasiýalar, işewürlikde bäsdeşlik ýaly temalar boýunça italýan dilinde ylmy işleri ýazýar.

Onuň ilkinji ylmy işi «Italiýada durmuş goraglylygynyň käbir ugurlary» diýip atlandyrylýar. Onuň bu temany saýlamagy tötänden däl. Çünki Ogulaý kakasynyň maslahaty boýunça uniwersitetde italýan dilini öwrenip başlaýar we iki ýylyň içinde bu dilde suwara gürlemegiň hötdesinden gelýär.

Türkmenistanda ýaşaýan wagtlary meşhur italýan aýdymlaryny diňläp ulalan Ogulaý häzir iňlis, italýan, rus we ene dili bolan türkmen dilinde erkin gürlemegi başarýar, çagalygyndan maşgalasynda öwredilen türk diline hem oňat düşünýär we öz gyz jigisine-de bu ugurda ýakyndan kömek berýär. «Näçe köp dil bilseň, şonça-da aragatnaşygyň görnüşleri kän bolýar. Mundan başga-da, dil bilmek daşary ýurtlara gitmäge, adamlar bilen terjimeçisiz düşünişmäge ýardam edýär» diýip, türkmenistanly talyp gyz aýdýar.

Italýan dili boýunça halkara bäsleşikleriň ýeňijisi, birnäçe ylmy makalalaryň awtory Ogulaý Ataýewa «GDA-nyň iň gowy talyby-2021» atly bäsleşikde terjimehalyny ýazyp, öz gazanan ýeňişleri barada gürrüň berdi hem-de ylmy işlerini görkezdi. Onuň alyp barýan ylmy gözlegleri bäsleşigiň «Ylym» ugry boýunça öňdeligini eýelemäge mümkinçilik berdi.


düýn 20:41
1.2k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.5k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......