Tokiodaky Paralimpiada tomaşaçysyz geçiriler

Tokiodaky Paralimpiada tomaşaçysyz geçiriler

Tokiodaky Paralimpiýa oýunlary Ýaponiýadaky çylşyrymly epidemiologik ýagdaý sebäpli, tomaşaçylar bolmazdan geçiriler diýlip, Oýunlaryň guramaçylyk komitetiniň relizinde habar berilýär. Tokiodaky Paralimpiada 24-nji awgustdan 5-nji sentýabr aralygynda geçiriler diýip, RIA Nowosti habar berýär.

“Tokio, Saýtama we Tiba prefekturalarynda adatdan daşary ýagdaýyň yglan edilmegi, şeýle-de Sidzuoka prefekturasy tarapyndan adatdan daşary ýagdaýyň yglan edilmegi üçin ýüztutma we häzirki ýokanç ýagdaý sebäpli, bu prefekturalarda ýaryşlaryň geçirilmegi üçin tomaşaçylaryň bolmazlygyndan başlap, berk çäreler kabul ediler” – diýlip, relizde aýdylýar.

Guramaçylar janköýerlerden binalardan daşary açyk howada geçirilýän ýaryşlara hem baryp görmekden saklanmagy haýyş edýärler. Şol bir wagtyň özünde, ýaryşlara bilim edalaryndan haýyşlar kabul edilen halatynda, mekdep okuwçylary gatnaşyp biler.

“Biz bu ýagdaýyň Olimpiadanyň we Paralimpiadanyň geçirilmegine täsirini ýetirendigine gynanýarys we petek satyn alyp, ýaryşlara sabyrsyzlyk bilen garaşan janköýerlerden ötünç soraýarys. Siz bu çäreleriň gutulgysyzdygyna we ýokanjyň öňüni almak üçin kabul edilýändigine düşünýänsiňiz diýip umyt edýäris. Biz hemme adamlary Oýunlara öýde tomaşa etmäge çagyrýarys” – diýip, guramaçylyk komiteti belleýär.

NHK teleýaýlymynyň maglumatlaryna görä, Tokiodaky Paralimpiada çäresi üçin jemi 770 müň töweregi petek satyldy. Guramaçylaryň kararyna görä, petek üçin sarp edilen serişdeler alyjylara gaýtarylar.