Ýewropada gazyň bahasy ýene rekordy täzeledi

Ýewropada gazyň bahasy ýene rekordy täzeledi

Ýewropada gazyň bahasy ilkinji gezek 1 müň kub metr üçin 580 dollardan geçip, taryhy rekordy täzeledi. Muny söwda maglumatlary delillendirýär. Bu “Gazprom” Ukrainanyň gaz geçiriji ulgamynyň goşmaça tranzit kuwwatynyň diňe 4%-ini bron etmek kararyna gelenden soň boldy. ICE biržasynda TTF indeksi boýunça gaz üçin sentýabr fýuçersi 1 müň kWt/s üçin 47,7 ýewro ýetdi.

TTF merkezinde söwdanyň açylan wagtynda sentýabr fýuçersiniň bahasy 1 müň küb metr üçin tas 550 dollara barabardy. Auksionyň netijeleri yglan edilenden soň, ol 2,5%, 586,3 dollara çenli ýokarlandy diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Awgust aýynda gazyň bahasy birnäçe gezek taryhy rekordlary täzeledi. Aýratynam, bahalar Täze Urengoýyň golaýyndaky “Gazprom” zawodynda bolan ýangynyň netijeleri esasynda ýokarlandy. Bu waka sebäpli “Ýamal – Ýewropa” gaz geçirijisinden gaz akymy geçen günüň ortaça derejesi bilen deňeşdirilende, üçden bir azaldy. 10-njy awgustda ýangyndan öň hasaba alnan gaz üpjünçiliginiň derejesini dikeltmek başartdy.