Täze Zelandiýanyň suwlarynyň astynda sekizinji yklym ýüze çykaryldy

Täze Zelandiýanyň suwlarynyň astynda sekizinji yklym ýüze çykaryldy

2017-nji ýylda 11 sany täze zelandiýaly geolog suwuň astynda galan täze yklymy - Zelandiýany tapandyklaryny mälim edipdiler. Ýakynda bolsa alymlar bu çaklamany tassyklaýan subutnamany ýüze çykardylar. Bu barada pcnews.ru habar berdi.

Ilkibaşda barlagçylar Zelandiýany yklym hasap edip bolarmy diýen soragyň üstünde jedelleşýärdiler. Aslynda, ol yklym bolmak üçin zerur bolan ölçegleriň köpüsine laýyk gelýär: anyk kesgitlenen serhetleri, bir million inedördül kilometrden gowrak meýdany, töweregindäki ummanyň hanasyndan ýokarda ýerleşýändigi we has galyň kontinental gatlagy... Şeýle-de bolsa, Zelandiýa bir ölçegde - ýaşy babatda yklym bolmaga laýyk gelmeýärdi. Sebäbi onuň iň gadymy nusgalarynyň ýaşy 500 million ýyl diýlip çaklanylýardy. Bu bolsa beýleki yklymlaryň ýaşynyň Zelandiýanyňkydan, azyndan, iki esse uludygyny aňladýardy.

Ýakynda geçirilen täze barlaglar bu çaklamalaryň nädogrudygyny görkezdi. Gelip çykyşy syrly hasaplanýan, suwuň astynda galan yklymyň bir bölegi geologlaryň çak edişinden iki esse gadymy bolup çykdy. Täze zelandiýaly barlagçylaryň biri indi özüniň aýratyn yklymda ýaşaýandygyna şübhelenmeýändigini belleýär.

Gipotetiki yklymyň köp böleginiň, takmynan, 94 göteriminiň Ýuwaş ummanynyň suwlarynyň astynda ýerleşýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.