Ispaniýada täze temperatura rekordy hasaba alyndy

Ispaniýada täze temperatura rekordy hasaba alyndy

Ispaniýanyň günortasyndaky Andalusiýa awtonom jemgyýetinde täze temperatura rekordy hasaba alyndy. Bu barada Döwlet meteorologiýa agentliginiň sebit bölümi Twitterde habar berdi diýip, TASS belleýär.

“Şenbe güni Montoro munisipalitetinde iň ýokary temperatura: 47,2 gradus” – diýlip, habarda aýdylýar.

Mundan öňki rekord 2017-nji ýylyň iýul aýynda Kordowada (Andalusiýanyň awtonom jemgyýeti) hasaba alyndy, şonda termometr 46,9 gradusy görkezdi. 

11-nji awgustdan bäri Ispaniýanyň ähli ýerinde diýen ýaly güýçli yssy howa bolýar. Şonuň netijesinde, Döwlet meteorologiýa agentligi käbir welaýatlarda howa howpunyň derejesini iň ýokary - gyzyl derejä çykardy.