HEA 2021-nji ýylda nebite bolan islegiň ösüşi boýunça çaklamasyny peseltdi

HEA 2021-nji ýylda nebite bolan islegiň ösüşi boýunça çaklamasyny peseltdi

Halkara energetika agentligi (HEA) 2021-nji ýylda nebite bolan islegiň global ösüşi boýunça çaklamasyny peseltdi we bu görkezijiniň bir günde 5,3 mln barrel (b/g) derejesinde bolmagyna garaşýar diýlip, agentligiň awgust aýyndaky hasabatynda getirilýär. Öň agentlik iýul aýynda nebite bolan potensial global islegi bir günde 5,4 mln barrel bilen bahalandyrypdy. Bu barada vedomosti.ru habar berýär.

HEA-nyň maglumatlary boýunça, 2021-nji ýylda dünýäde nebitiň sarp edilişi 96,2 mln b/g çenli we 2022-nji ýylda ýene 3,2 mln b/g ýokarlanyp biler.

“Demirgazyk Amerikada we Ýewropada mobilligiň ýokarlanmagy esasynda nebite bolan dünýä islegi iýun aýynda aýdan aýa 3,8 mln b/g artdy. Ýöne islegiň ösüşi iýul aýynda düýpgöter üýtgedi, pandemiýanyň ösüş depgininiň ýaramazlaşmagy we maglumatlaryň gaýtadan gözden geçirilmegi sebäpli 2021-nji ýylyň galan bölegi üçin perspektiwalar gowşady. Häzirki wagtda nebite bolan dünýä islegi ortaça 5,3 mln b/g, 2021-nji ýylda 96,2 mln b/g çenli we 2022-nji ýylda ýene 3,2 mln b/g ýokarlanýar” – diýlip, HEA-nyň hasabatynda aýdylýar.

Nebite bolan dünýä isleginiň ösüşi boýunça çaklamalaryň peselmegi, ilkinji nobatda, nebiti sarp ediji birnäçe uly ýurtlarda, hususan-da Aziýada koronawirusyň täze görnüşiniň ýaýramagy sebäpli çäklendirmeleriň girizilmegi bilen baglanyşyklydyr. Mundan başga-da, bu görkezijä 2020-nji ýyldaky maglumatlara gaýtadan seredilmegi täsir etdi diýip, HEA belleýär. OPEK+ birleşigine girmeýän nebit öndüriji ýurtlar, agentligiň hasaplamalaryna görä, şu ýyl nebit önümçiligini bir günde 0,6 mln barrel ýokarlandyrarlar, 2022-nji ýylda bolsa bu görkeziji 1,7 mln b/g çenli ýokarlanar. HEA bu ösüşiň, takmynan, 60%-niň ABŞ-nyň paýyna düşjekdigini belleýär.