Tokiodaky Olimpiadanyň altyn medalçylary Hytaýda Hongqi H9 limuzinleri bilen sylaglanar

  • 12.08.2021 23:10
  • 25k+

Hytaýyň FAW awtomobil konserni Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny gazanan hytaýly türgenleriň ählisini Hongqi H9 limuzinleri bilen sylaglamak kararyna geldi. Bu barada awtoöndürijiniň Sina Weibo mikroblogundaky habaryna salgylanyp, ýerli metbugat habar berýär diýip, autonews.ru belleýär.

Hytaý Olimpiadada jemi 38 altyn medal gazandy, bu medallar hem ýekeleýin, hem toparlaýyn ýaryşlarda çykyş edýän 52 türgeniň arasynda paýlandy. FAW baýrak hökmünde Hytaýda bahasy 369,8 müň ýuana çenli bolan 2,0 litrlik turbomotorly 50-den gowrak täze lýuks awtomobili berer. Şeýlelik bilen, awtokonsern türgenler üçin baýraklara tas 20 mln ýuan sarp eder.

Hongqi markasynyň ady “Gyzyl baýdak” diýmegi aňladýar. FAW konserniniň düzümine girýän brend öň diňe HHR-iň syýasy elitasy üçin awtomobil çykarýardy, ýöne ýakynda erkin satuw üçin “raýat” ulaglaryny hem öndürip başlady. Şeýle-de, Hongqi dünýä bazaryna çykmagy meýilleşdirýär.

Belläp geçsek, kümüş we bürünç baýrakçylar hem sowgatsyz galmaz. Olar hem şeýle modelleri sowgat hökmünde däl-de, “wagtlaýyn ulanmaga” alarlar. 

Hongqi H9 bortdaky 48 woltlyk elektrik ulgamy bilen bilelikde işleýän kuwwaty 252 at güýji bolan 2,0 litrlik dört silindrli benzin hereketlendirijisi bilen elýeterlidir. Mundan başga-da, uly sedanyň 283 at güýjüni berýän 3,0 litrlik V6 kompressor hereketlendirijili modifikasiýasy bar. 


09.07.2025 20:06
5.9k+

Gonkongda Kriştianu Ronaldunyň wagtlaýyn muzeýi açyldy

Gonkongda saud “Al-Nasrynyň” we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronalduwa bagyşlanan wagtlaýyn muzeý açyldy. Bu barada Blooloop habar berýär. Muzeý K11 çeperçilik-medeni merkezinde ýerleşýär...

08.07.2025 17:49
14k+

Hytaýly türgen bir elde turnik çekmekde Ginnesiň rekordyny goýdy

Hytaýly türgen Li Szeçuan bir eli bilen minutda 35 gezek turnik çekip, Ginnesiň rekordyny goýdy. Mundan başga-da, ol şol bir wagtda 40 funt (18 kg-dan gowrak) agyrlyk bilen 44 gezek turnik çekip, ýene bir üstünlik gazandy...

16.04.2025 18:30
2.3k+

Hytaýly Szýuý Wenszýun küşt boýunça dünýä çempiony titulyny gorady

Küşt boýunça häzirki dünýä çempiony, hytaýly Szýuý Wenszýun watandaşy Tan Çžunine garşy oýunda öz titulyny üstünlikli gorady. Ýaryş Şanhaýda we Çunsinde geçirildi. Dokuzynjy döwde ak mallar bilen oýnan Szýuý Wenszýun 6,5 utuk toplap, ýeňiş gazandy, bu hem oňa çempion titulyny üpjün etdi...

23.03.2025 17:36
2.2k+

Oskar Piastri Hytaýyň Gran-prisinde ýeňiji boldy: bu McLaren üçin yzygider ikinji ýeňiş

23-nji martda Şanhaýyň ýaryş ýolunda 2025-nji ýylyň “Formula-1” dünýä çempionatynyň ikinji tapgyry tamamlandy. Ýaryşyň ýeňijisi “Maklaren” toparynyň sürüjisi awstraliýaly Oskar Piastri (56 aýlaw) boldy. Pellehana...