Howandarlyga mätäç näsag çagalara Haýyr-sahawat gaznasyndan serişde bölünip berler

  • 12.08.2021 20:16
  • 18k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky we welaýatlardaky degişli lukmançylyk edaralarynda howandarlyga mätäç näsag çagalara dürli operasiýa bejergilerini geçirmek üçin Haýyr-sahawat gaznasyndan serişde bölüp bermek hakynda Çözgüt kabul etdi.

Mälim bolşy ýaly, bu Haýyr-sahawat gaznasy Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de olarda belent ynsanperwerlik häsiýetleriniň kemala gelmegi üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, şu ýylyň mart aýynda döredildi.

Golaýda Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň etrap hem-de şäher hassahanalarynyň çagalar bölümleri üçin täze, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen “Tiz kömek” awtoulaglarynyň berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Ýörite ulaglaryň açarlaryny bu sebitlere iş sapary wagtynda döwlet Baştutanynyň hut özi gowşurdy.


düýn 23:49
223

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.8k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....