Xiaomi iýun aýynda ilkinji gezek dünýä smartfon bazarynyň öňüni çekdi

  • 11.08.2021 17:57
  • 5.3k+

Xiaomi 2021-nji ýylyň iýunynda ilkinji gezek dünýäde 1-nji smartfon markasyna öwrüldi. Kompaniýa mobil telefonlarynyň satuwy boýunça Samsung we Apple ýaly bäsdeşlerinden öňe geçdi.

«Counterpoint Research-iň» hasabatyna görä, hytaýly tehnologiýa ägirdi iýun aýynda dünýä smartfon bazarynda öňdeligi eýeledi. Şeýle hem hasabatda kompaniýanyň satuwynyň geçen aýdakydan 26% ösendigi we onuň bu aýyň iň çalt ösýän markasyna öwrülendigi aýdylýar. Mundan başga-da, kompaniýa şu ýylyň ikinji çärýeginde smartfon bazarynda ikinji ýeri eýeledi. Birinjiligi bolsa Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdi Samsung özünde saklady.

“Huawei pese gaçyp başlaly bäri, Xiaomi emele gelen bu boşlugy doldurmak üçin yzygiderli we tutanýerli tagallalary etdi" diýip, Gözleg müdiri Tarun Pathak aýtdy.


01.09.2025 16:52
5.3k+

Apple we Samsung kemsidiji mahabatlary üçin Xiaomi-ni kazyýete bermek isleýär

Apple we Samsung Hytaýyň Xiaomi kompaniýasyna nägilelik bilen ýüz tutdy. Olar Hindistanda brendleriň önümlerini Xiaomi-niň gurluşlary bilen gönüden-göni deňeşdirýän mahabat kampaniýasyny bes etmegi talap etdi. Xiaomi-niň mahabat kampaniýasy tutuş ýurt boýunça hem çap, hem sanly medialary gurşap aldy...

01.09.2025 14:18
4k+

TikTok-yň eýesi ByteDance girdeji boýunça dünýäde iň uly sosial ulgam boldy

Meşhur TikTok programmasynyň eýesi bolan ByteDance kompaniýasy işgärlerden paýnamalary yzyna satyn almagyň täze tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyr kompaniýanynyň bahasynyň 330 mlrd dollardan gowrak bolmagyna getirer, bu bolsa öňki 315 mlrd dollar bahadan ýokarydyr diýip, Reuters habar berýär...

22.08.2025 08:15
2.3k+

Xiaomi smartfonlarynyň we elektromobilleriniň satuwy bilen çärýeklik rekord girdeji gazandy

19-njy awgustda Xiaomi kompaniýasy ikinji çärýekde umumy girdejisiniň 116 mlrd ýuana ($16,1 mlrd) ýetendigini habar berdi. Bu görkeziji analitikleriň öňünden çak edeninden (114 mlrd ýuan) ýokary bolup, kompaniýanyň taryhyndaky iň ýokary netije boldy...

22.06.2025 11:33
4.7k+

Labubu öndürijisi hytaý gazetindäki ýiti tankyt sebäpli $4 mlrd ýitirdi

Meşhur Labubu oýnawaçlaryny çykarýan Pop Mart kompaniýasynyň eýesi “Ženmin žibao” gazetindäki ýiti tankytdan soň tas 4 mlrd dollar ýitirdi. Kompaniýanyň paýnamalary Gonkong biržasynda birden arzanlady diýip, South China Morning Post habar berýär...