Guterriş parahatçylygy ýola goýmakda Türkmenistanyň goşandyna umyt bildirdi

  • 11.08.2021 10:03
  • 7k+

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hat iberdi. Hatda Guterriş Baş sekretar wezipesine gaýtadan bellenilmegi mynasybetli türkmen Liderine goldaw beriji sözleri üçin hoşallyk bildirdi.

«Biziň iň ähmiýetli meseleleri diňe agzybirlikde çözüp biljekdigimizi soňky ýyllaryň ýeke-täk tejribesi görkezdi. СOVID-19 pandemiýasy umumy wehimlere bilelikde garşy durmagymyzyň hem-de ynanyşmagy berkitmek üçin köpugurly hereketleriň zerurdygynyň anyk mysaly bolup durýar. Men bar bolan kynçylyklary aradan aýyrmak, agzalalygy ýeňip geçmek, deňsizligi ýok etmek hem-de Ýer ýüzünde ýaşaýşy gowulandyrmak üçin biziň has köp zatlary edip biljekdigimize hem-de etmelidigimize ynanýaryn» - diýlip hatda beýan edilýär.

«Geljekde Siziň ýurduňyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň işine goldaw bermäge hem-de parahatçylygy, durnukly ösüşi we adam hukuklaryny üpjün etmek ugrunda bilelikdäki tagallalara işjeň gatnaşjakdygyna hem-de öz goşandyny goşjakdygyna umyt edýärin».

«Öz tarapyňyzdan mundan beýläk-de ähli agza döwletleriň bähbitlerine hyzmat etjekdigime hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň gün tertibiniň meselelerine möhüm ähmiýet berjekdigime bil baglap bilersiňiz» - diýip Guterriş nygtaýar.

 

Guterriş hatynyň ahyrynda hemmeleri adamzadyň hem-de Ýer ýüzüniň bähbitlerine umumy gün tertibini berjaý etmek üçin tagallalary birleşdirmäge çagyrdy we türkmen Liderini uly hormatyny beýan etdi.


11.05.2026 22:55
969

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

03.05.2026 12:23
8.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......