«Barselona» Messiniň gitmegi bilen 137 mln ýewro ýitirer

  • 10.08.2021 17:14
  • 17k+

Brand Finance konsalting firmasy «Barselonanyň» argentinaly hüjümçisi Lionel Messiniň gitmeginiň maliýe netijelerini hasaplady. Umumy alanyňda, klub 137 million ýewro ýitirer. Bu mukdar girdeji ýitgilerini, brendiň ulanylmagy bilen bagly girdeji ýitgilerini öz içine alýar. «Barselona» brendiniň gymmaty 11% pese gaçar. Bu barada championat.com habar berýär.

«Barselona» 77 mln ýewro möçberinde hemaýatkärlik puluny ýitirer. Ýene 43 mln ýewrony klub futbolkalary we beýleki harytlary satmakdan alyp bilmez.

8-nji awgustda Messi «Kamp Nouda» metbugat maslahatyny geçirdi. Ol maliýe kynçylyklary sebäpli, Premýeranyň kluba argentinaly oýunçy bilen şertnamanyň möhletini uzaltmaga mümkinçilik bermändigi üçin «Barselonadan» gidýändigini tassyklady.

Messiniň Pariže eýýäm gelendigi habar berilýär. «PSŽ-niň» edarasynyň öňünde argentinaly oýunçyny garşylamak üçin janköýerler ýygnandy. Ýakyn wagtda Leonyň lukmançylyk barlagyndan geçip, parižlileriň oýunçysy bolmagyna garaşylýar.


şu gün 10:53
823

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

08.06.2026 16:49
8k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

04.06.2026 23:46
5.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

04.06.2026 00:17
10k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......