HOK-nyň prezidenti Tomas Bah Tokiodaky Olimpiadany ýapyk diýip yglan etdi

HOK-nyň prezidenti Tomas Bah Tokiodaky Olimpiadany ýapyk diýip yglan etdi

Ýekşenbe güni Tokiodaky Milli stadionda Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) prezidenti Tomas Bah Olimpiadany kabul edendigi üçin Ýaponiýanyň häkimiýetlerine minnetdarlyk bildirdi. 

Tomas Bah Olimpiýa baýdagyny Parižiň häkimi Ann Idalgo gowşurdy. Pariždäki Olimpiada 2024-nji ýylyň 26-njy iýulyndan 11-nji awgusty aralygynda geçiriler.

Soňra HOK-nyň prezidenti Tokiodaky Olimpiýa oýunlaryny ýapyk diýip yglan etdi. “Biz muny bilelikde etdik. Häzir men Tokio bolan bu dartgynly syýahatymyzyň tamamlanandygyny bellemeli. Men XXXII tomusky Olimpiadany ýapyk diýip yglan edýärin. Bütin dünýäniň ähli ýaşlaryny ýene üç ýyldan Parižde ýygnanyşmaga çagyrýaryn” – diýip, Bah belledi.

Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasynda fransuz kompozitory Klod Debýussiniň aýdym-saz kompozisiýasy bilen Olimpiýa oýunlarynyň alawy hem söndürildi. Soňra alawyň ýanýan lotos gülüniň şekilindäki postament ýapyldy.

“Şeýle kyn ýagdaýlarda siz dünýä umyt paýlaýarsyňyz. Pandemiýa başlany bäri dünýä ilkinji gezek birleşdi, planetanyň ähli adamlary duýgular bilen birleşdi, bularyň ählisi bize umyt berýär. Ähli türgenleriň adyndan Ýaponiýa sagbolsun aýdýarys. Ähli meýletinçilere köp sagbolsun, siziň ýylgyryşyňyz biziň ýüreklerimizi ýyladýar” – diýip, Tomas Bah Ýaponiýanyň häkimiýetlerine we halkyna ýene bir gezek minnetdarlyk bildirdi. 

Ýaponiýa Olimpiadany dördünji gezek kabul etdi. Ondan öň ýurt iki gezek gyşky Oýunlaryň (Sapporo-1972 we Nagano-1998), şeýle-de Tokioda geçirilen 1964-nji ýylyň tomusky Olimpiadasynyň hojaýyny boldy.