Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynyň soňky gününiň netijeleri

Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynyň soňky gününiň netijeleri
  • Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynyň soňky gününde keniýaly ylgawçy Eliud Kipçoge marafonda altyn medal gazandy we bu dissiplina boýunça taryhda iki gezek Olimpiýa çempiony bolan üçünji türgen boldy. Ýeňiji 42,195 m aralygy 2 sagat 8 minut 38 sekuntda geçdi. Ikinji orny Niderlandlaryň wekili Abdi Nagiaý, üçünji orny belgiýaly Başir Abdi eýeledi.
  • Britaniýaly Jeýson Kenni “keýrin” dissiplinasy boýunça welotrek ýaryşynda altyn medal gazandy. Kümüş baýrakçy Malaýziýadan Azizulhasni Awang boldy, bürünç medaly niderlandiýaly Harri Lawreýsen eýeledi.
  • Fransiýanyň gandbol boýunça zenan topary Olimpiýa ýaryşynyň final oýnunda Russiýanyň milli ýygyndysyny 30:25 hasabynda utdy. Fransiýaly türgenler üçin bu taryhda ilkinji Olimpiýa altyn medaly boldy.
  • ABŞ-nyň basketbol boýunça milli ýygyndysy turniriň finalynda Ýaponiýanyň toparyny 90:75 hasabynda utdy. Amerikaly basketbolçylar yzygider ýedinji gezek Olimpiadanyň altyn medalyny gazandylar.
  • Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynyň iň soňky altyn medalyny Serbiýanyň milli ýygyndysynyň suw polosy boýunça türgenleri aldy. Olar Gresiýanyň toparyny 13:10 hasabynda utdular. Bürünç medala wengriýaly türgenler mynasyp boldy.

Oýunlarda jemi 339 medal toplumy ugrunda bäsleşildi. ABŞ-nyň milli ýygyndysy Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynyň medal sanawynda ýeňiji boldy.