Olimpiýa oýunlarynyň medal sanawynda ABŞ-nyň milli ýygyndysy birinji orny eýeledi

Olimpiýa oýunlarynyň medal sanawynda ABŞ-nyň milli ýygyndysy birinji orny eýeledi

ABŞ-nyň milli ýygyndysy ýurduň woleýbol boýunça zenan topary altyn medal gazanandan soň, Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynyň medal sanawynda özi üçin birinji orny kepillendirdi. Amerikaly woleýbolçylar final oýnunda braziliýalylary 3-0 hasabynda utdular.

ABŞ-nyň milli ýygyndysy Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda 39 altyn, 41 kümüş we 33 bürünç medal gazandy. Ikinji orny eýeleýän Hytaýyň toparynyň hasabynda 38 altyn, 32 kümüş we 18 bürünç medal bar. Tokiodaky Olimpiadanyň medal sanawynyň üçünji ornuny Ýaponiýanyň topary (27-14-17), dördünji ornuny Beýik Britaniýa (22-21-22) eýeleýär. Russiýanyň topary 20 altyn, 28 kümüş we 23 bürünç medal gazanyp, sanawda bäşinji orunda ýerleşdi. 

ABŞ-nyň milli ýygyndysy yzygider üçünji tomusky Olimpiýa oýunlarynda medal sanawynda ýeňiji boldy, 2008-nji ýylda 48 altyn, 22 kümüş we 30 bürünç medal gazanyp, umumy sanawda Hytaýyň topary ýeňiş gazandy. 2016-njy ýylda Rio-de-Žaneýrodaky Oýunlarda amerikaly türgenler 46 altyn, 37 kümüş we 38 bürünç medal gazandylar.