Germaniýada 100 ýaşdan uly ýaşaýjylaryň sany 2020-nji ýylda rekord derejä ýetdi

Germaniýada 100 ýaşdan uly ýaşaýjylaryň sany 2020-nji ýylda rekord derejä ýetdi

Germaniýanyň 100 we ondan uly ýaşly ýaşaýjylarynyň sany 2020-nji ýylda soňky 10 ýylyň dowamynda rekord görkezijä ýetip, 20 465 boldy. Bu barada Wisbaden şäherindäki Federal statistika edarasy habar berdi. Muny TASS ýetirýär.

Maglumatlara görä, bu görkeziji 2019-njy ýylda hasaba alnandan 3 523 san köpdür. “Soňky on ýylda hiç haçan şeýle köp adam 100 ýaşdan uly ýaş toparyna degişli bolmandy” – diýlip, edarada bellenilýär. Şonuň bilen birlikde bu ýaş kategoriýasyndaky adamlaryň paýynyň geçen ýyl ilatyň umumy sanynda 2011-nji ýyl (0,018%) bilen deňeşdirilende 0,025% ýokarlanandygy bellenilýär.
Mundan başga-da, edara 100 ýaşdan uly aýallaryň sanynyň erkekleriň sanyndan tas dört esse köpdügini aýdýar. Aýratynam, GFR-iň 20 465 sany garry ýaşaýjysynyň 80%-ini (16 454) aýallar düzýär. 
Germaniýanyň ilaty, takmynan, 83 mln adam.