Sadyr Japarow Awaza sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana geler

  • 04.08.2021 20:21
  • 8k+

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistanda geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşar. Bu barada ýurduň Prezidentiniň metbugat gullugynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda söwda-ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk pudaklarynda sebit hyzmatdaşlygy, şeýle hem koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek babatda bilelikdäki çäreler boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Onuň jemleri boýunça Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamasy kabul ediler.
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bu saparynyň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer. Mundan başga-da, gyrgyz wekiliýeti Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumyna, sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisine hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň festiwalyna gatnaşar.


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......