Niderlandlarda 750 töweregi adamyň gatnaşmagynda bir günlük festiwallary geçirmäge rugsat berildi

Niderlandlarda 750 töweregi adamyň gatnaşmagynda bir günlük festiwallary geçirmäge rugsat berildi

Niderlandlaryň häkimiýetleri festiwallar bilen bagly çäklendirmeleri ýene gowşatmak kararyna geldiler. 14-nji awgustdan 750-den gowrak adamyň gatnaşmagynda çäreleri geçirmäge rugsat berler. Bu barada, Trend-iň TASS-a salgylanyp habar bermegine görä, ýurduň premýer-ministri Mark Rýutte aýtdy.

Festiwallar ýa-ha açyk howada, ýa-da dört tarapy açyk bolan tendiň aşagynda geçirilmeli. Soňrak hökümet has köp sanly gatnaşyjylar bilen çäreleri geçirmek barada çözgüt kabul eder. Köp günlük festiwallar azyndan 1-nji sentýabra çenli gadagan edilýär.
Häzirki wagtda ýurtda günde 2-3 müň kesel ýagdaýy hasaba alynýar, şeýle-de bolsa görkezijiler pese gaçýar. Bu häkimiýetlere çäklendirmeleri gowşatmak barada ýene pikirlenmäge mümkinçilik berdi.