Özbek aýdymçysy Ýulduz Usmanowa «Awazada» sungat ussatlarynyň konsertinde çykyş eder

  • 02.08.2021 18:30
  • 32k+

6-njy awgustda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw maslahatyndan soň geçiriljek sebitiň medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertinde meşhur özbek aýdymçysy Ýulduz Usmanowanyň çykyş etmegine garaşylýar. Bu barada Orient habar berýär.

Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň halk artistiniň diskografiýasynda 100-e golaý plastina bar, olaryň umumy tiražy 25 million nusgadan geçdi. Onuň repertuarynda sekiz dilde 600-den gowrak aýdym bar.
Ýatladyp geçsek, 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti, sebit ýurtlarynyň zenan ýolbaşçylarynyň ilkinji dialogy, Ykdysady forum, halkara sergi ýaly alty sany uly halkara çäreleri geçiriler. Şeýle hem milli tagamlaryň sergisi we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti guralar.


26.05.2026 19:02
7.3k+

Saparmyrat Atabaýew Karshi Open-2026 halkara ýaryşynyň ilkinji üçlügine girdi

Türkmen grossmeýsteri Saparmyrat Atabaýew Özbegistanda tamamlanan Karshi Open-2026 halkara küşt ýaryşynda üçünji ýeri eýeledi....

26.05.2026 09:51
3.6k+

Namangandaky halkara gül festiwaly Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Özbegistanyň Namangan şäherinde geçirilen 65-nji halkara gül festiwaly, onuň guralmagy üçin bir aýyň dowamynda 29,4 milliondan gowrak ösümlik oturdylandan soň, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi....

24.05.2026 15:35
11k+

13 ýaşly özbek mekdep okuwçysy kitaba bolan söýgüsi üçin BYD Chazor-a mynasyp boldy

Özbegistanyň Buhara welaýatynyň Peşkun etrabyndan 13 ýaşly Farzona Nasirowa respublika derejesinde geçirilen "Ýaş kitaphon" (Yosh kitobxon) bäsleşiginiň ýeňijisi boldy we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat......

21.05.2026 22:52
8.3k+

Özbegistanda pyýada ýöräniň üçin pul berýän täze ykjam programma işe girizildi

Özbegistanda ýaşaýjylara her gün ýörän ädimleri üçin pul sylaglaryny berýän «Eko-işjeň raýat» atly sanly platforma işe başlady....