Geçen 7 aýda täze Kanunlaryň 40-sy kabul edildi

  • 31.07.2021 16:29
  • 24k+

Milli Geňeşiň Mejlisiniň ugry boýunça şu ýylyň 7 aýynda maslahatlaryň 2-si geçirilip, Türkmenistanyň Kanunlarynyň 40-sy we Mejlisiň kararlarynyň 41-si kabul edildi. Hereket edýän kanunçylyk namalarynyň birnäçesine degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň durmuşa geçirilişine gözegçilik işi yzygiderli alnyp baryldy.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda dürli ulgamlarda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmäge gönükdirilen kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak işi amala aşyrylýar. Halkara we parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglylykda, daşary ýurt döwletleriniň we parlamentleriniň wekilleri bilen duşuşyklaryň 92-si geçirildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow durmuş-ykdysady özgertmeleri ilerletmegiň bähbidine milli kanunçylygy kämilleşdirmek hem-de täze kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamak we halkara gatnaşyklaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça Mejlisiň işini işjeňleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy.


düýn 19:38
4.5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.7k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......