Hazardaky «Dostluk» ýatagy boýunça Ähtnama durmuşa geçirilýär

  • 30.07.2021 14:03
  • 5.1k+

Aşgabatda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek we özleşdirmek hakyndaky hökümetara Ähtnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça bilelikdäki türkmen-azerbaýjan iş toparynyň iki günlük mejlisi geçirildi.

Nobatdaky duşuşykda türkmen tarapyna Iş toparynyň türkmen böleginiň başlygy, Döwlet ministri - «Тürkmengaz» döwlet konserniniň başlygy B.Amanow, azerbaýjan tarapyna – Azerbaýjan Respublikasynyň energetika ministri P.Şahbazow ýolbaşçylyk etdiler. Mejlise şeýle-de «Тürkmennebit» döwlet konserniniň başlygy, Hazar deňzi institutynyň direktory, Türkmenistanyň Daşary işler, Adalat, Maliýe we ykdysadyýet, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň hem-de «Тürkmengeologiýa» döwlet konserniniň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda taraplar şu ýylyň mart we maý aýlarynda geçirilen mejlisleriň barşynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň derwaýys meselelerine seredip geçdiler. 
Mälim bolşy ýaly, iki ýurduň energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny we özara düşünişmelerini has hem pugtalandyrmak, bu ugurda bar bolan ägirt uly mümkinçilikleriň hemmetaraplaýyn açylmagy maksady bilen, 2021-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.


şu gün 15:16
1.6k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

08.06.2026 19:01
4.8k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...