Britaniýaly suwda ýüzüjiler 4x200 m aralyga erkin usulda ýüzmek estafetasynda ýeňiji boldular

Britaniýaly suwda ýüzüjiler 4x200 m aralyga erkin usulda ýüzmek estafetasynda ýeňiji boldular

Britaniýaly suwda ýüzüjiler Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda 4x200 m aralyga erkin usulda ýüzmek estafetasynda altyn medal gazandylar. Olar 6 minut 58,58 sekunt netijäni görkezdiler.

Ikinji orny russiýalylar eýeledi. Olar 3,23 sekunt yza galdylar. Bürünç medala awstraliýaly suwda ýüzüjiler mynasyp boldy (+3,26).
Dünýä rekordy (6.58,55) ABŞ-nyň toparyna degişli bolup, Rimde 2009-njy ýylyň dünýä çempionatynda goýuldy. Beýik Britaniýanyň topary täze Ýewropa rekordynyň eýesi boldy.